Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy

18:4308.03.2024
0
10497
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

7-nji martda Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri Kim Syng Ho bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew hem gatnaşdy. Ministrligiň habar bermegine görä, duşuşygyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Işgärleri dolandyryş ministrligi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik gulluklarynyň arasynda döwlet gullugy (South Korea-Central Asia Civil Service Network) boýunça hyzmatdaşlyk ulgamy döredildi.

Ministr Kim Syng Ho gatnaşyjylaryň dykgattynda Koreýanyň adam maýasyny ösdürmekde öňdebaryjy tejribesini hödürledi we Döwlet gullugy işgärleriniň zehinlerini ösdürmek boýunça milli institutyň okuw meýilnamalary barada çykyş etdi.

Çeşmede bellenilişine görä, Koreýa Respublikasynyň Işgärleri dolandyryş ministrligi geljekde ýurtdaky ilçihanalar bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we döwlet işgärleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin özara gatnaşyklaryň geljegini çuňňur ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

«Merkezi Aziýa ýurtlary bilen alyş-çalyş maksatnamasyny amala aşyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Koreýadaky diplomatik wekilhanalar bilen yzygiderli duşuşyklary geçireris we özara ösüş boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçireris» diýip, ministr Kim Syng Ho belledi.

Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäginde döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şeýle gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň