BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar

13:4307.03.2024
0
14688

12-13-nji martda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň ýokanç keseller, daşky gurşaw we saglyk bölüminiň direktory Robb Batler Türkmenistana resmi sapar bilen geler.

Guramanyň resmi saýtynda habar bermegine görä, saparyň dowamynda Batler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler ministrlikleriniň işgärleri, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar bilen duşuşar. BSGG bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýurduň saglyk ulgamyny berkitmekde alnyp barylýan strategik hyzmatdaşlygyň gelejegi ara alyp maslahatlaşylar.

— Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Türkmen halky üçin has gowy we sagdyn geljegi nazarlaýan başlangyçlary goldamaga gönükdirilen bu saparym, täze üstünliklerimize sebäp bolar diýip umyt edýärin – diýip, Robb Batler belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň