Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» we «Merw» ýeňiş bilen başlady, «Altyn asyr» «Şagadamdan» ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri

09:5805.03.2024
0
14329

Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda we Balkanabat şäherinde geçirilen üç oýun arkaly futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminiň 1-nji tapgyry tamamlandy.

Duşuşyklaryň birinjisi Büzmeýin etrabynda geçirilip, onda «Altyn asyr» «Şagadamy» kabul etdi. Çarymyrat Gurbanowyň eminlik eden oýny garaşylmadyk ýagdaýda myhman toparyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Şagadamyň» düzüminde Nurjan Japarow (53) we Nadyrgeldi Atajanow (96) tapawutlanan bolsa, ýer eýeleriniň ýeke-täk goluna Wahyt Orazsähedow (73) awtorlyk etdi. Oýnuň 83-nji minutynda myhmanlaryň oýunçysy Arslan Ýollyýew emin tarapyndan meýdançadan çykaryldy.

Ýeri gelende bellesek, «Şagadam» öz ýeňşini täze tälimçisi Ýewgeniý Tkaçenkonyň tälim bermeginde gazandy. Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän topar 14 utuk bilen çempionatda soňky orny eýeläpdi.

Türkmenistanyň ozalky çempiony «Ahal» hem täze möwsüme ýeňiş bilen başlady. «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli topar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda geçirilen oýunda «Energetigi» kabul edip, 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Alibek Sapaýewiň eminlik eden oýnunda «Ahalyň» düzüminde Ýazgylyç Gurbanow dubl etdi (17, 29), Gurbanmuhammet Esenow (18) hem-de Alibek Abdyrahmanow (92) dagy bir goldan geçirdiler. Oýnuň 56-njy minutynda «Energetigiň» derwezeçisi Muhammet Öwezow topy öz derwezesine ýollady. Geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň şägirtleri 38 utuk bilen dördünji orny eýelän bolsa, «Energetik» 17 utuk bilen 7-nji basgançakda möwsümi jemläpdi.

Jemşit Orazmuhammedowyň «Merwiň» baş tälimçisi hökmündäki debýut oýny üstünlikli geçdi. Onuň türgenleşdirýän topary birinji tapgyrda myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykdy. Duşuşygyň ykbalyny ýeke-täk gol kesgitläp, ol 83-nji minutda Serdar Annamämmedow tarapyndan derwezä gönükdirildi. Oýna Resul Mämmedow eminlik etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 32-nji möwsümi «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky Aşgabat derbisi bilen badalga aldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki «Sport toplumy» stadionynda geçen şol oýun 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Birinji tapgyran soňra «Ahal», «Şagadam» we «Merw» toparlary liderlik edýärler. «Arkadag» topary özüniň deslapky oýnuny ikinji tapgyrda «Altyn asyr» bilen geçirer. Oýun 7-nji martda geçiriler. Şeýle-de ikinji tapgyrda «Merw» — «Ahal», «Energetik» — «Aşgabat» we «Şagadam» — «Nebitçi» oýunlary bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň