Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
– Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkynyň öňe gitmeginiň hem-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.