Soňky habarlar

Arhiw

Sumgaýtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

17:0102.03.2024
0
19849
Sumgaýtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Surat: azertag.az

Sumgaýtda nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow, Azerbaýjan Respublikasynyň ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Fargad Hajiýew, Sumgaýt şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygynyň orunbasary Akif Guliýew, SOCAR «Azerkimýa» önümçilik birleşiginiň baş müdiri Elnur Mammedli we beýleki resmi wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň habar berlişi ýaly, çärä gatnaşyjylar dostlukly türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler we mundan beýläkki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dabaradan soň Azerbaýjanda okuw-türgenleşiginde bolýan Türkmenistanyň «Nebitiçi» futbol topary bilen ýerli «Sumgaýt» toparynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy boldy.
Ýoldaşlyk duşuşygynda türkmen futbolçylary 4:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.


Azerbaýjanda türkmen futbolçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda başlajak ýerli çempionata taýýarlyk görýändiklerini bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň