1-nji martda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiň netijesinde döwletiň üstünlikleri we ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyrmak üçin Buharestiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Türkmen diplomatlary öz çykyşlarynda 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenen ileri tutulýan meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi barada habar berdiler.
Şeýle hem ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn bellenip geçildi.
Talyplar hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa türkmen ýaşlary hakynda ýadawsyz aladasy we döredip beren şertleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.

