TITU-nyň garamagynda Oguz han ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

06:2102.03.2024
0
24667

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan, uniwersitetiň garamagynda, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Oguz han ylmy-tehnologiýalar merkeziniň bellenen tertipde döredilmegini hem-de şol merkeziň Tertipnamasynyň taýýarlanylmagyny we bellenen tertipde tassyklanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün – 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalaryny, ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we "akylly", kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter we mobil programmalaryny döretmek, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, innowasiýa tehnologiýalaryny döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň