Soňky habarlar

Arhiw

«Demirýollary» AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy

09:0229.02.2024
0
23050

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýükleriň daşalyşyny, importyny we eksportyny ösdürmek, şeýle hem üstaşyr wagonlaryň Türkmenistanyň çäginden çalt geçirilmegini üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şu maksat bilen «Demirýollary» AGPJ tarapyndan häzirki wagtda ulag we logistika pudagynda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Alnyp barylýan şeýle işleriň netijesinde «Demirýollary» AGPJ 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap aşakdaky ugurlarda üstaşyr ýükleriň geçiş wagtlarynyň gysgalandygyny habar berdi.

Ugur: Sarahs – Farap

Ýük daşaýjy otly Sarahdan Farap serhet geçelgesine 35 sagatda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt – 48 sagat).

Ugur: Farap – Sarahs

Ýük daşaýjy otly Farapdan Sarahs serhet geçelgesine 17 sagat 38 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt – 48 sagat).

Ugur: Farap – Türkmenbaşy

Ýük daşaýjy otly Farapdan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna 50 sagat 30 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt – 72 sagat).

Ugur: Serhetýaka – Serhetabat

Ýük daşaýjy otly Serhetýakdan Serhetabat serhet geçelgesine 60 sagat 30 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt – 96 sagat).

Ugur: Etrek – Serhetýaka

Ýük daşaýjy otly Etrekden Serhetabat serhet geçelgesine 17 sagat 45 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt – 72 sagat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň