Turkmenportal logo
28.02.24
1435114351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Göwher el» filminiň äheňleri boýunça Täze ýyl filmi surata düşüriler
Surat:gazeta.ru

Görnükli rus kinorežissýory Leonid Gaýdaýyň «Göwher el» atly meşhur komediýasynyň äheňleri boýunça film 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Russiýanyň ТНТ teleýaýlymynda görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň metbugat gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Täze filmiň režissýorlary taslamada ýurduň kino ýyldyzlarynyň surata düşjekdigini, häzirki döwrüň ýörgünli meselelerine bagyşlanan degişmeleriň, şeýle-de aýdym-sazly görnüşleriň boljakdygyny wada berýärler.