Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar

12:4423.02.2024
0
31483

«Rowachpack» haryt nyşanly polipropilen gaplaýyş gaplaryny öndürýän meşhur «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy önümçilik çygryny giňeldendigini habar berýär. Zawodda öndürilýän önümleriň mukdaryny has artdyrmaga mümkinçilik berýän iki sany täze önümçilik ugry girizildi.

Täze ugurlar önümleriň ýokary hilli bolmagyny we ähli halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün edýän häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçiligiň giňeldilmegi «Rowachlan Galkynysh» kärhanasyna önümlerine barha artýan islegi kanagatlandyrmaga hem-de eksport üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň 2010-njy ýylda esaslandyrylandygyny ýatladýarys. Kärhana polipropilen gaplaýyş gaplaryny, şol sanda haltalary, ýeň-rulonlary hem-de big-begleri öndürmäge ýöriteleşen.

Polipropilen gaplamanyň artykmaçlyklaryny hem bellemelidiris. Material dürli önümleri saklamak we daşamak üçin ony ygtybarly gaba öwürýän himiki maddalaryň köpüsi bilen täsirleşmeýär. Mundan başga-da, polipropilen ýokary berkligi bilen tapawutlanyp, çyglylyga çüýremeýär hem-de dürli temperaturalara durnukly bolýar.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň salgylary:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň