Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy atlar üçin täze iým garyndysyny taýýarladylar

09:2421.02.2024
0
19129

Türkmenistanyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikleri, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylary bilen bilelikde ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysyny öndürmegi maksat edindik-diýip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, halkara atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Myrat Rejepgulyýew «Bereketli toprak» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalasynda habar berdi.

Çeşmede bellenişine görä, häzirki zaman iým garyndysy diňe bir atyň energiýa we ýokumly maddalara bolan talabyny üpjün etmän, eýsem, onuň umumy immun ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny hem üpjün etmelidir. Şu nukdaýnazardan, öndürilen iým garyndynyň düzümine adaty däl goşundylaryň, ýagny bakja ekinleri bolan – kädiniň we garpyzyň ununyň girizilmegi atyň immun ulgamynyň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu goşundylaryň girizilmegi atyň bedeniniň witaminler bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny, kesellere durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. Täze iým garyndysynyň ähmiýeti dogrusynda geçirilen ylmy-barlag işleri onuň artykmaç hem-de ýetmezçilik taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döretdi.

Hojalyk düzgüni bilen iýmitlendirilen I barlag toparynyň taýlary «Kuwwatly» iým garyndysynyň synag edilen döwründe diri agramyny 134 kilogram artdyrdylar. Tejribe toparynyň taýlary synag döwründe agramyny 195,5 kilogram artdyrmagy başardy. Netijede, hasabat döwründe barlag toparynyň taýlary tejribe topary bilen deňeşdirilende, diri agramyny 61 kilogram köp artdyrdy. Başgaça aýdylanda, barlag toparynyň her baş taýynyň ortaça artan agramy 26,8 kilograma deň bolan bolsa, onda tejribe toparynyň bu görkezijisi 39 kilograma deň boldy. Şeýlelikde, «Kuwwatly» iým garyndysy bilen iýmitlendirilen taýlar adaty hojalyk düzgüni bilen iýmitlendirilen barlag topary bilen deňeşdirilende, her baş taýdan 12,2 kilogram köp agram almagy başardylar.

Ýaş atlaryň ösýän döwründe baýlaşdyrylan iým garyndysy 0,6 kilogram möçberinde goşmaça iýmitlendirmegiň hasabyna ýokumly maddalar, fiziologiki peýdaly energiýa, witaminler, mineral maddalar bilen ýeterlik we kadaly gatnaşykda üpjün edilende taýlaryň ýokary depginde ösmegine ýardam berýändigi subut edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň