Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balam» konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy

17:4515.02.2024
0
41387

Telekeçi Amandursun Begjanowanyň «Balam» konditer kärhanasy Moskwada geçirilen azyk önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçiligi üçin çig mallaryň «Prodexpo – 2024» atly 31-nji halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen «Ýylyň iň gowy önümi – 2024» halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça bäş altyn medal bilen sylaglandy.

Aşakdaky önümler ýokary baha mynasyp boldular:

  • «Zaman» kakaoly künjüli köke,
  • «krem-şokolad» huruşly kruassan,
  • «Ýürek» wanil tagamly gatlakly köke,
  • «Balam» wanil huruşly gatlakly köke,
  • «Zaman» künjüli köke.

Bäsleşige hödürlenen önümlere gaýtadan işleýän we azyk kärhanalarynyň, pudaklaýyn birleşikleriň we institutlaryň, synag merkezleriniň hem-de dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini öz içine alýan bilermenler topary tarapyndan baha berildi. Türkmen öndürijisiniň önümleri innowasion çemeleşmeleri we ajaýyp tagamy bilen toparyň agzalarynda ýakymly täsir galdyrdy.

«Balam» kärhanasy Aşgabatda ýerleşýän we 2016-njy ýyldan bäri işleýän önümhanada konditer önümlerini öndürýär. Önümçilik Şweýsariýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde bir aýda 2,5 müň tonna önüm öndürilýär.

Kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda 100-den gowrak görnüş, şol sanda duzly we owranyp duran hamyrdan konditer önümleri, bişirilen, çörek önümleri, gündogar süýjüleri we tortlar bardyr. Kompaniýanyň önümlerine diňe bir türkmen alyjylarynyň arasynda däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň köpüsinde-de uly isleg bildirilýär. Şeýlelikde, «Balam» konditer önümleri Russiýa, Gazagystana, Täjigistana we Özbegistana eksport edilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köç. 52-nji jaý,
  • Telefonlar: (+993 12) 25 53 93, (+993 64) 56 35 82,
  • Email: balam.bakery.2016@gmail.com
  • Web-saýty balam.com.tm/ru,
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň