Turkmenportal logo
15.02.24
1731717317
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýewe Katary esaslandyryjy Şeýh bin Taniniň gylyjyny sowgat berdiler
Surat: mir24.tv

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Katary esaslandyran Şeýh Jasim bin Muhammad bin Taniniň gylyjyny gowşurdylar. Bu gylyç arap ýurdunyň iň ýokary döwlet nyşany hasaplanýar, ony Kataryň we bütin adamzadyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin monarhlara, şazadalara we döwlet ýolbaşçylaryna Emiriň özi gowşurýar diýip, «Kazinform» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Öň Tokaýew Fransiýanyň Prezidenti Makrona bäş aýlyk tazy güjüklerini iberdi.