Soňky habarlar

Arhiw

Ekoişjeňler Jenap Bini aýyplaýarlar

11:3614.02.2024
0
28162
 Ekoişjeňler Jenap Bini aýyplaýarlar
Surat:gazeta.ru

«Green Alliance» kompaniýasynyň ekologiýany goramaga çagyryjylary adybir teleserialda Jenap Biniň keşbini döredýän britan komigi Rouen Atkinsony elektrik ulaglaryň söwdasynyň haýallamagynda aýyplaýarlar. Bu barada «Motor.ru» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

2023-nji ýylda Atkinson «The Guardian» gazetinde elektrik ulaglarynyň geljegi barada pikir ýöredip, däbe öwrülen ýangyçda işleýän ulaglaryň elektrik ulaglara garanda, ekologiýa babatda has zyýansyz bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr. Aktýor şeýle hem ulaglaryň geljegini wodorodda we sintetik ýangyçda işleýän ulaglarda görýändigini nygtapdyr.

«Green Alliance» kompaniýasy Atkinson şeýle etmek bilen, adamlary elektrik ulaglary satyn almakdan ýüz öwürmäge çagyrýar, netijede hem Beýik Britaniýada elektrik ulaglaryň satuwlarynyň pese gaçmagyna sebäp bolýar diýip, hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň