Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» türkmen kärhanasy big-beg gaplarynyň önümçiligini artdyrýar

10:2107.02.2024
1
26715

«Rowachpack» haryt nyşanly gaplama materiallary öndürmek bilen ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda tanalýan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy big-beg hem-de rulon-ýeň gaplarynyň öndürilişini artdyrýan täze önümçilik hataryny ýola goýdy.

Big-begler — bu berk polipropilenden öndürilen, 300-den 3000 kg agrama çenli ýüki özüne ýerleşdirýän ýumşak gaplardyr. Olar ürgün ýükleri daşamak we saklamak üçin ulanylýar hem-de «Rowachlan Galkynysh» kärhanasy tarapyndan Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna işjeň eksport edilýär.

Goşmaça kuwwatlyklaryň gurnalmagy kärhana big-begleriň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär we eksportyň möçberini ýokarlandyrmak üçin täze geljegi uly ugurlary açýar. Hususan-da, kärhana önümlerini Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna eksport etmek bilen bagly gepleşikleri geçirýär.

«Rowachpack» big-begleri häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen öndürilip, berkligi hem-de uzak möhlete çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu konteýnerler flýuorografiki çap ediş usulyndan peýdalanylyp, logotipleri we beýleki maglumatlary ýerleşdirmek bilen islendik reňkde öndürilip bilner.

Täze döwrebap enjamlaryň satyn alynmagy «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň sebitde polipropilen gaplama önüm öndürijileriniň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde uly abraýa eýedigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň işewürliginiň eksport ugruny has-da ösdürmäge mümkinçilik döreder.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin salgylary:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň