Top.Mail.Ru

7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

09:0907.02.2024
0
25573

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Türkmenistanda dürli maksatly desgalaryň ulanyşa berilmegine gözegçilik güýçlendiriler, Aşgabatdaky awtobus duralgalary Magtymgulynyň suratlary bilen bezeldi we beýleki habarlar


Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler diýip, TDH habar berýär. Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

3. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň awtobus duralgalarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry şekillendirilen plakatlar peýda boldy. Şahyryň portretiniň gapdalynda paýhasly sözleri we goşgularyndan bentler ýerleşdirildi. Indi ýolagçylar ulaglara garaşyp durkalar Pyragynyň meşhur setirlerini we ylham beriji sözlerini okamak bilen, wagtlaryny peýdaly geçirip bilerler.

4. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň nebitçileri 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gara altynyň önümçiligini 9% ýokarlandyrdylar. Ýylyň birinji aýynda günbatar sebitde jemi 300 müň tonnadan gowrak nebit öndürildi. Şunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň bölümleriniň işgärleriniň hem goşantlary uludyr.

5. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasy baradaky maglumatlar «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna giriziler. Sanawy döretmek karary ýanwar aýynyň ahyrynda GDA-nuň ulaglar boýunça işewürlik duşuşygynyň ikinji mejlisinde kabul edildi. Infrastruktura sanawy açyk we elýeterli görnüşde Arkalaşyga agza döwletleriň Utgaşdyrylan ulaglar maslahatynyň saýtynda ýerleşdiriler. Sanawdaky maglumatlar «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesinde logistika ugurlaryny we üpjünçilik zynjyrlaryny has netijeli döretmäge mümkinçilik berer. Bu geçelgede Türkmenistanyň ornunyň barha artýandygyny hem bellemek gerek.

Dünýäde

6. Hytaýyň Guansi welaýatynda 95 ýaşly Li Sýufen haýran galdyryjy tejribäni başdan geçirdi – ol tasdanam diri jaýlanypdy. Aradan çykandyr öýdülen aýal «ölüminden» alty gün soň aşhanasynda rahatlyk bilen nahar bişirýärdi, bu bolsa onuň goňşularyny haýran galdyrdy. Hemme zat Li Sýufen öýde ýykylyp, kellesinden şikes alansoň başlandy. Aýal ady tutulanda jogap bermedi we oýanmady. Aýalyň garyndaşlary bolmansoň, onuň goňşusy jaýlaýyş işlerine başlady. Hytaý däp-dessuryna görä, ýakynlary hoşlaşyp biler ýaly, jesetli tabyt birnäçe gün öýde saklanmalydyr. Jynazadan bir gün öň goňşusy tabydyň boşdugyny görüp, örän haýran galdy. Goňşusy ony gözläp, tiz wagtdan «ölen aýaly» aşhanasynda nahar taýýarlap ýörkä tapdy. Li Sýufen oýanyp, öýünde hiç kimi tapman, öz işlerine başlapdyr.

Sport habarlary

7. 2024-nji ýylyň ýazynyň ilkinji aýy türkmen hokkeýçileri üçin iki möhüm waka – milli ýygyndy toparlaryň 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçiriljek üçünji diwizionyň dünýä çempionatlaryna gatnaşmaklary bilen tapawutlanar. 13-nji fewralda Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy «Raubiçi» sport toplumynda türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Minskä gider. Bu toplumda türkmen hokkeýçileri dünýä we Aziýa ýaryşlaryna gatnaşmak üçin eýýäm birnäçe gezek tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda başarnyklaryny ösdüripdiler. Bu tejribe gazanylan medallar görnüşinde öz miwesini berdi.

8. Iordaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Aziýa kubogynyň ýarym finalynda garaşymladyk ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň toparyny ýeňlişe sezewar etdiler. Katarda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Iordaniýalylar ýaryşyň bu tapgyrynda ilkinji gezek oýnadylar we indi esasy kontinental ýaryşda taryhy ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedirler. Olaryň finaldaky garşydaşy şu gün Kataryň we Eýranyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýunda kesgitlener. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň