Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

12:3006.02.2024
0
32168

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Kononenkony kosmosda bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordy bilen gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.
Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewe ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň welaýatlarynda bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň taýýarlygyny barlamak, şeýle hem pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

2. Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Konsert maksatnamasy Hançžou şäheriniň Opera we tans drama teatrynyň artistleriniň, «On iki Sýantaý» sungat toparynyň çykyşlaryny, şeýle hem şowhunly aýdym-sazly, tans we akrobatika kompozisiýalaryny öz içine aldy.


3.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony Ýere golaý älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagy bilen gutlady.

– Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys. Ilkinji bolmak hemişe hormatlydyr, şol bir wagtda, ýeňil hem däldir. Sebäbi öňdebaryjy bolmak, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, ýurduň, Siziň ýagdaýyňyzda bolsa bütin dünýäniň öňünde hem ýokary jogapkärçilikdir – diýlip, Gutlag hatynda bellenilýär.

4. Aşgabatda metbugatyň wekilleri üçin geçirilen brifingde Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmoljon Kuçkarow iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, soňky ýyllarda söwda dolanyşygy 5 esse artdy we 2023-nji ýylda 1 milliard 94 million dollara ýetdi.

5. Türkmenistandan 2 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz görnüşindäki ynsanperwerlik ýüki Bişkek şäherine geldi. Demirýol arkaly gelen 58 wagon suwuklandyrylan gaz ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri tarapyndan garşylandy. Gyrgyzystanyň energetika ministriniň orunbasary Atabek Abylgaziýew iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

6. Russiýanyň iň iri onlaýn dükanlarynyň biri bolan «Wildberries» Türkmenistanyň bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär. «Ösüşi dowam etdirmek üçin ýerleşýän çäklerimizi giňeltmelidigimize düşünýäris. Biz, ilkinji nobatda, ähli serhetdeş ýurtlarymyza seredýäris. Indi GDA ýurtlaryna, mysal üçin, Türkmenistana we Täjigistana çykmagy meýilleşdirýäris» diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçuk belledi. «Wildberries» 2004-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Russiýada, Gazagystanda, Belarusda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işleýär.

Dünýäde

7.
Türkiýäniň günbataryndaky Eskişehir şäherinde dünýädäki iň uly kolbasaly gowrulan ýumurtga nahary taýýarlandy. Ägirt uly gowrulan ýumurtga naharyny taýýarlamak üçin 3000 ýumurtga we ýarym tonna kolbasa gerek boldy. Şeýle hem aşpezler 25 inedördül metr göwrümli saç tapmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ululygy bilen täsir galdyrýan bu ajaýyp tagam Ginnesiň Rekordlar kitabynda resmi taýdan hasaba alyndy.

8. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hökümetiň başlygynyň wezipesinden aýrylmak baradaky haýyşyny kabul etdi. Premýer-ministriň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek ozal birinji orunbasar wezipesini eýelän Roman Sklýaryň üstüne ýüklendi. Ministrler Kabinetiniň agzalary Hökümetiň täze düzümi tassyklanýança öz wezipelerini ýerine ýetirerler.

Sport habarlary

9. «Kitçi» toparynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra dünýäniň çempiony, argentinaly ýyldyz Lionell Messi bilen bilelikde düşen suratyny paýlaşdy. Oýun tamamlandan soňra Ruslan Mingazow argentinaly rowaýaty oýunçy bilen gürrüňdeş boldy we onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

«Oňa özümiň Türkmenistandandygymy, biziň ýurdumyzda onuň janköýerleriniň köpdügini aýtdym. Şeýle-de geljekki karýerasynda üstünlik we şowlulyk arzuw etdim» diýip, Mingazow bu baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Ýatlatsak, duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongda geçirildi. Messi tutuş oýna ätiýaçlyk oturgyjynda tomaşa etdi we meýdança çykmady. Mingazow bolsa başlangyç düzümde meýdança çykdy we 45 oýnap, arakesmede çalşyryldy.

10. Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary türkmen hüjümçisi Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. «Abdyş-Ata» geçmezden ozal Muhadow Gyrgyz Premýer-ligasynyň bürünç medalyna eýe bolan Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparynda oýnady.

11. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 23 ýaşly goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň «Witebsk» toparynyň oýunçysy boldy. Geçen möwsümde goragçy Minsk şäheriniň «Energetik-BGU» toparynda oýnady. Wepa çempionatyň ähli oýunlaryna gatnaşyp, 2 gol saldy we bir gol pasyny berdi.

12. Russiýaly MMA söweşijisi Artýom Atakulow «Fight Nights Global» ýaryşynda türkmen türgeni Abdulla Babaýewiň garşydaşy bolar. Tutluşyk 23-nji fewralda Moskwada geçiriler. Söweş Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da «Udar» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler. Abdulla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek dünýä Kubogynyň eýesi we pankration boýunça Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň