Turkmenportal logo
05.02.24
2501725017
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Filmfare 2024» baýraklary gowşuryldy
«Filmfare 2024» baýraklary gowşuryldy Surat: www.tbsnews.net

Hindistanda «Filmfare» kino baýraklary 69-njy gezek gowşuryldy.


«Roki we Rani. Söýgüniň taryhy» filmi 20 ugur boýunça baýraga, «Haýwan» filmi alty sany esasy baýraga, «12-nji şowsuzlyk» bäş sany, şol sanda iň oňat film ugry boýunça baýraga mynasyp boldy diýip, «Ndtv.com» saýty habar berýär.


Ýylyň iň oňat aktýory diýlip, Ranbir Kapur (Animal / Haýwan), iň oňat aktrisa hökmünde Aliýa Bhatt (Roki we Rani. Söýgüniň taryhy / Rocky Aur Rani Kii Prem Kahaani) yglan edildi.


«12-nji şowsuzlyk» iň oňat film diýlip yglan edildi, filmiň režissýory Widhu Winod Çopra iň oňat režissýor hökmünde sylaglandy. Bu film şeýle hem iň oňat ssenariý ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.
.