Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebiniň alymlary batareýasyz, ses yrgyldylarynyň täsirinde işleýän sensory döretdiler. Bu barada Advanced Functional Materials çeşmesine salgylanyp, Gazeta.ru habarlar saýty ýazýar.
Bu enjam kremniý esasly metamaterialdan ýasaldy. Alymlar kompýuter modelirlemesini we algoritmleri ulanmak arkaly, kiçijik sterženler bilen birleşdirilen birmeňzeş rezonator plitalary ýasadylar. Olar belli bir güýçdäki ses tolkunlarynyň täsiri astynda gysylýarlar.
Sensoryň yrgyldylaryndan emele gelýän elektrik impulslary onuň elektron böleklerini işe girizýär.
Alymlar bu oýlap tapyşlaryny köp sanly degişli ugurlarda ulanyp boljakdygyna ynanýarlar. Bu sensory ýer titremelere we binalara gözegçilik etmekde, mysal üçin, binanyň binýadyndaky çat açmalardan gelýän sesi anyklamakda ulanylyp bolar. Ol gazyň syzmagy sebäpli döreýän sesi anyklamak bilen, duýduryş sesini berip biler.
Sensor eşidiş implantatlarynyň işleýşini gowulandyrmak we gözüň basyşyny yzygiderli ölçemek üçin lukmançylyk pudagynda hem ulanylyp bilner.