Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda geçen ýylda 35 müň kub metr demir-beton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulyp, meýilnama 36 müň 304 kub metr möçberde ýerine ýetirildi. Munuň özi 2023-nji ýylda kärhananyň önüm öndürmek boýunça meýilnamasyna 107,7 göterim amal edendigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligiň ösüş depgini bolsa, öňki ýylyň mukdary bilen deňeşdirilende, 137,9 göterime ýetdi.
Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 50 müň kub metr gurnama demir-beton önümlerine barabar bolup, olar gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşyklaryna yzygiderli ugradylýar.
Zawodda 2016-njy ýylda gurluşyk bölümi açyldy. Zawodyň gurluşyk-gurnama önümleri ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik binalarynyň gurluşyklarynda hem ulanylýar. Häzirki wagtda gurluşykçylar Daşoguz şäherinde 2 sany ýaşaýyş jaýynyň, awtotürgenleşik mekdebiniň, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barýarlar. Şonuň ýaly hem welaýat merkezinde 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanyldy. Zawodyň gurluşykçylary gurluşyk-gurnama işleri boýunça geçen ýylyň meýilnamasyny hem 117,8 göterim ýerine ýetirdiler.
Zawodyň durky 2015-nji ýylda täzelenip, oňa häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, önümçilik mukdar hem hil taýdan has ýokary derejelere çykdy. Häzirki wagtda bu ýerde binalaryň daşky we içki diwarlary üçin niýetlenen beton önümler, bassyrmalar, aýnalardyr gapylar üçin niýetlenen beton birikdirijiler, ekologik taýdan arassa, howpsuz demirbeton önümleri öndürilýär diýlip, habarda bellenilýär.