Turkmenportal logo
29.01.24
2321323213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fedor Konýuhow düýeli syýahata ugrady

Dünýä belli syýahatçy Fedor Konýuhow Birleşen Arap Emirliklerini düýeli kesip geçmekçi. Ol rus-arap syýahatçylaryndan düzülen topar bilen ýola düşdi diýip, «News.ru» habar berdi.


«Ýedi emirligiň üstünden» atly syýahat Abu-Dabi, Dubaý, Şarja, Ras-el Haýma, Ajman, Fujeýra we Umm-el-Kaýweýn ýaly ýerleriň üstünden geçer.


Syýahatçy iki hepdäniň dowamynda 560 kilometr menzili düýede geçmeli bolar. Badalga ir säher bilen düýn Abu-Dabi emirliginiň Al-Eýn şäherinde guraldy. Kerwen gündizine günde 30-40 kilometr geçer, olar yzygiderli dynç almak üçin gysga wagtlyk aýak çekerler, gün ýaşanda, düşlärler.


Bu syýahat Pars aýlagyndan Arap ýarymadasyny kesip, Saud Arabystanynyň içi bilen Gyzyl deňze ýetmek ugrundaky has uly syýahata taýýarlykdyr.


Öň rus syýahatçysy Konýuhow kürekli gaýykda Ýuwaş ummanyň günorta bölegini Täze Zelandiýadan Çilä çenli kesip geçmegi başardy. Şonda ol ýeke özi gaýykda 2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda syýahata çykdy we Diýego-Ramires adalarynda 2019-njy ýylyň 9-njy maýynda syýahatyny tamamlady.