Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekili işlenip taýýarlanyldy

05:0727.01.2024
0
45413

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. «Watan» habarlar gep­leşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün – 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 – 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 – 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, ýurduň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem «Türkmenistanda öndürildi» milli nyşany boýunça öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini has-da artdyrmak babatda degişli işleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutany ýurtda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer B.Atdaýewe birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň