Turkmenportal logo
26.01.24
1843018430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.