«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy, // Watany beýgeldýär ýylyň şygary» at bilen Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, magtymgulyşynaslar, ýazyjy-şahyrlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Teatryň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň kitaplarynyň, welaýatyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň döreden sungat eserleriniň görkezilmegi dabaraly maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Dabarada halypa şahyr Gözel Şagulyýewa goşgularyny okap berdi. Şeýle hem çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljekdigi, akyldar şahyryň ömri-döredijiligi, hormat-sarpasynyň belentdedigi barada gürrüň edildi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. TDEI-niň, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk hem-de Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýasy dabaranyň täsirini artdyrdy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen şirin aýdymlar belentden ýaňlandy.