Top.Mail.Ru

Arhiw

Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

22:2223.01.2024
0
24814
 Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde şu gün Tokioda Sukuba uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çärä Tsukuba uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň ýokary çeperçilik ähmiýetini bellediler. Onda nesilden nesle geçip gelýän türkmen däplerine, taryhyna hem-de ýurduň häzirki ösüşlerine üns berilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitapda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.

Kitabyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm orny beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň