Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko «Geely» milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi

10:0620.01.2024
0
31391
Lukaşenko «Geely» milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi
Surat: news.ru

Belarusda milli «Geely» kysymly ýeňil awtoulaglaryna haýran galdyryjy uzak nobat döredi diýip, ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko «BELDŽI» kärhanasyna baranda habar berdi.

Lukaşenko ýurtda ýeňil awtoulaglaryň önümçiliginiň ýük ulaglarynyň we awtobuslarynyňky bilen deňeşdirilende, az ösendigini belledi diýip, «Belta.by» saýtyna salgylanýan «News.ru» ýazýar. Prezident şonuň üçin hökümete bu islegi kanagatlandyrmak üçin çäreleri geçirmegi tabşyrdy diýlip, habarda aýdylýar.

«Nobat akylyňa sygar ýaly däl. Adamlaryň bu ulagy edinesleri gelýär. Hökümetiň we ministriň baş wezipesi islegi kanagatlandyrmak üçin elde baryny etmelidirler. Ýogsam, bäsdeşler bu ýeri gelip eýelärler. Şonuň üçin mümkin boldugyça, ýeňil awtoulagyň önümçiligini artdyrmak gerek» diýip, Belarusyň Prezidenti nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň