Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda 4,5 milliard kilowatt sagada barabar elektrik energiýasy öndürildi

09:4110.01.2024
0
15094
Balkan welaýatynda 4,5 milliard kilowatt sagada barabar elektrik energiýasy öndürildi
Surat: minenergo.gov.tm

Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri geçen önümçilik ýylyny ýokary netijeler bilen jemlediler. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň degişli kärhanalary 4,5 milliard kilowatt sagada barabar bolan elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatly döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutdy. Şeýle hem Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisini hem-de Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gazturbina desgasyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň