Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

12:2608.01.2024
0
24435

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, Türkmenistan Parižde maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirer, Aşgabatda ÝUNESKO-nyň goldaw bermeginde moda sergileri başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda öňde boljak çäreler we ýurdy ösdürmegiň meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gün tertibine daşary söwda düzgünleri we maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler, gurluşyk, ýangyç-energetika, medeniýet we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlar boýunça iş meýilnamalary girizildi.

2. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Iş meýilnamalaryna laýyklykda, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň öňünde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny, nebiti gaýtadan işlemekden alnan önümleri daşarky bazarlara eksport etmek wezipeleri goýuldy.

3. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow ýurduň bilim we ylym ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak boýunça teklip beýan edildi.

4. Wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

5. 24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Çäräniň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden we energetika pudagynyň mundan beýläk-de ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekden üçin ybaratdyr.

6. Aşgabatdaky Modalar öýünde milli türkmen lybaslarynyň moda görkezişleriniň ilkinji gününiň dabaraly açylyşy boldy. Bu çäre türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirildi. «Oriental Fashion Show» moda sergilerini gurnaýjy Hind Žudar, meşhur fotosuratçy Žak Tamosini we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular.

7. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşige ýurduň ähli welaýatlaryndan döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylym-bilimde aýratyn tapawutlanan 18 ýaşa çenli oglan-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça bu ýyl 71 sany ýeňiji kesgitlendi. Baýraga mynasyp bolanlara dabaraly ýagdaýda diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Dünýäde

8. Aktrisa Emma Stoun «Kruella» filminiň dowamynyň üstünde işlenilýändigini tassyklady. Stoun taslamanyň surata düşürilişiniň haçan başlajakdygyny bilmeýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol iň gysga wagtda filmiň üstünde işläp başlamagy umyt edýändigini belledi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda «The Disney Insider» aýdymçy Teýlor Swiftiň «Kruella» filminde zalym gahrymanyň keşbini janlandyryp biljekdigini habar beripdi. Neşiriň habaryna görä, filmiň dowamy mýuzikl žanrynda surata düşüriler.

9. Ýyrtyjy guşlar boýunça hünärmen Frederik Žige iki aý bäri Parižiň metro stansiýasyndan çykyp bilmeýän gargany tutmaga synanyşar. Guş şäheriň 20-nji bölüminde ýerleşýän Menilmontan stansiýasynyň içinde galdy. Ol özbaşdak çykalga tapyp bilmän, ýolagçylaryň kellesiniň üstünden uçýar. Şäher häkimligi kömek sorap, Tebigy taryhyň muzeýine ýüz tutdy. Ornitolog ýakyn günlerde stansiýa gelmeli.

Sport habarlary

10. Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Madridiň «Realynyň» düzümine goşulmak kararyna geldi diýip, «Foot Mercato» habar berýär. 23 ýaşly hüjümçiniň parižliler bilen şertnamasynyň möhleti şu ýylyň tomsunda tamamlanýar. 1-nji ýanwardan Mbappe işe ýerleşmek hakynda beýleki toparlar bilen gepleşikleri geçirmek hukugyny aldy. «Real» toparynyň Mbappe geljegi barada karara gelmek üçin ýanwar aýynyň ahyryna çenli wagt berendigi ozal habar berlipdi.

11. Türkiýäniň «Beşiktaş» futbol topary Fernandu Santuşyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 68 ýaşly portugaliýaly hünärmen ozal «Portu», «AEK», «Benfika» we «PAOK» ýaly toparlara tälim berdi. Şeýle hem ol Gresiýanyň, Polşanyň we Portugaliýanyň milli ýygyndylaryna ýolbaşçylyk etdi. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçylygynda Santuş 2016-njy ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda we UEFA Milletler ligasynda ýeňiji boldy. Bu möwsümiň 18 tapgyryndan soň, «Beşiktaş» Türkiýäniň çempionatynda öňdebaryjy «Fenerbahçeden» 18 utuk yza galyp, diňe altynjy orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň