Turkmenportal logo
06.01.24
2934329343
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sadio Mane dogduk obasyna üçünji uly sowgadyny hem bagyşlady
Sadio Mane dogduk obasyna üçünji uly sowgadyny hem bagyşlady

Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol «Al-Nassryň» hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy.


Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy.


Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak üçin şu günler milli ýygyndynyň hatarynda türgenleşýär. Ol Senegalyň ýygyndysynda jemi 100 duşuşyk geçirdi. Dünýä belli ýyldyz bu duşuşyklarda 39 gezek tapawutlandy.