Turkmenportal logo
03.01.24
3683536835
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystany resmi taýdan BRIKS guramasyna girdi
Saud Arabystany resmi taýdan BRIKS guramasyna girdiSurat: aa.com.tr

Saud Arabystany resmi taýdan BRIKS guramasyna goşuldy diýip, ýurduň «Al Ekhbariya» döwlet teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. «Patyşalygyň Russiýa, Hytaý we beýleki döwletler girýän BRIKS guramasyndaky doly hukukly agzalygy başlandy, bu ýurduň dünýädäki eýerýän ugruny berkider» diýlip, teleýaýlymyň habarynda aýdylýar.


Guramanyň 2023-nji ýylyň 22-24nji awgustynda Ýohannesburgda geçen duşuşygynda topara Argentinanyň, Eýranyň, Efiopiýanyň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan goşulýandygy barada çözgüt kabul edildi.