Turkmenportal logo
03.01.24
2877028770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine gynanç hatlaryny iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine gynanç hatlaryny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitreme zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.