Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda türkmen telekeçileri oba hojalyk önümleriniň eskportyndan 135 million dollar girdeji gazandylar

11:0502.01.2024
0
19815

2023-nji ýyld Türkmenstanda oba hojalyk we azyk ugurly önümçilikleriň 20-den gowragy işe girizildi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň düýnki sanynda habar berildi.

Gazetiň täze sanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Obasenagat toplumy we balykçylyk boýunça maslahatçysy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Şamyrat Herremow bilen söhbetdeşlik taýýarlanylyp, onda 2023-nji ýylda ýurtda hususy düzümleriň gazanan görkezijilerine nazar salynýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen 2023-nj ýylda azyk önümleriniň 100-e golaýynyň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip başlandy. Olaryň hatarynda, «Ýeserje» çaga iýmiti, şöhlat önümleriniň 23 sany, alkogolsyz içgileridir miwe şerbetleriniň 25 sany, süýji-kökeleriň 30-dan gowrak täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Mundan başga-da, TSTB-niň wekili ýurtda diňe pomidor önümçiliginiň eksport söwdasynyň 100 million amerikan dollaryna ýetendigini nygtaýar. Umuman, geçen ýyl türkmen telekeçileriniň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan gazanan girdejileri bolsa 135 million amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, 10 göterim ýokarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň