Turkmenportal logo
27.12.2023
3519335193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan we Gyrgyzystan bilelikde awtoulag öndürmekçi
Surat: gazeta.uz

Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap, bilelikde awtoulaglaryň 12 kysymynyň önümçiligini ýola goýmakçy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we telekeçilik ministri Daniýar Amangeldiýew habar berdi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine salgylanýan «Trend» ýazýar.


Amangeldiýew häzirki wagtda «UzAwtoSanoat» kompaniýasy bilen bilelikde «Altyn-Tulpar» atly awtoulag ýygnalýan zawody işe goýbermäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi.


Zawod öz işine geljek ýyl başlar diýlip garaşylýar.Taslama Özbek-Gyrgyz ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.


Taslamany umumy 30 müň awtoulag we telekeçilik tehnikalaryny öndürmek maksady bilen, durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.