«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde bellenilen meýilnama 108,4 göterim ýerine ýetirildi

13:0721.12.2023
0
35451
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde bellenilen meýilnama 108,4 göterim ýerine ýetirildi
Surat: lebap.awtoulag.gov.tm

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri 2023-nji ýylyň on bir aýyny ýokary zähmet görkezijilerine beslediler. On bir aýda 2 million 649 müň tonnanyň ýerine 2 million 897 müň tonnadan gowrak halk hojalyk ýükleri daşalyp, meýilnama 109 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl şowly jemlenilýär. Welaýatyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly on bir aýda 18 million 527 müň ýolagçy gatnadylyp, bu baradaky meýilnama hem 108,4 göterim ýerine ýetirildi.

Täze ýyl baýramy günlerinde bolsa ilata has-da ýokary derejede hyzmat etmek üçin ýörite iş meýilnamasy düzüldi. Sürüjiler ýolagçylaryň edilýän hyzmatdan hoşal bolmaklary, şeýle hem ýükleriň buýrujylaryň isleglerine görä öz wagtynda daşalmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň