Halkara bilermen, Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň Aşgabat şäherine saparynyň barşynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan habar berildi.
Ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygy sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryna laýyk gelmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem öňdebaryjy wezipelere eýe bolmak üçin, hususan-da ýaşyl ykdysadyýet we telekommunikasiýa pudagynda bu guramanyň agzalygyny ulanmagyň öňdebaryjy tejribesine syn berdi.
Bilermen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdy, şeýle hem daşary söwda tertibi hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirip, BSG-ä goşulmak boýunça mundan beýläkki çäreler barada teklipleri paýlaşdy. Mundan başga-da, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş Institutynyň we Türkmen Döwlet maliýe Institutynyň talyplary we mugallymlary üçin «Bütindünýä Söwda Guramasy we telekeçilik gyzyklanmalary» atly umumy okuw sapagyny geçdi.
M.Medwedkowyň sapary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan BMGÖM bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde amala aşyryldy.