Turkmenportal logo
11.12.23
3689636896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Zimbabwe söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdy
Türkmenistan we Zimbabwe söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Braýt Kupemba bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar diýlip, habarda bellenilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Zimbabwe Respublikasynyň arasynda hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy teklip edildi.

Türkmenistan we Zimbabwe söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdy | Turkmenportal.com