Turkmenportal logo
09.12.23
8781087810
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen awiakompaniýalarynyň Aşgabat — Bangkok uçuşlaryna petekleriň bahasy belli boldy
Türkmen awiakompaniýalarynyň Aşgabat — Bangkok uçuşlaryna petekleriň bahasy belli boldy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Bangkok ýolagçy gatnawyna petegiň iň arzan bahasy 7,734 manatdyr. Bu barada «Turkmenportala» «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berdi.


Nyrhlar hyzmat synpyna, barmaly ýerine we beýleki faktorlara baglylykda üýtgeýär.

Türkmenistanyň raýatlary üçin awiapetekleriň bahasy:


Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, biznes synpy, iki taraplaýyn petek —15615 manat


Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, ekenom synpy, iki taraplaýyn petek — 12416 manat


Aşgabat — Bangkok, biznes synpy, bir taraplaýyn petek — 9736 manat


Aşgabat — Bangkok, ekenom synpy, bir taraplaýyn petek — 7734 manat


Bangkok — Aşgabat, işewür synpy, bir taraplaýyn petek — 9701 manat


Bangkok — Aşgabat, ekenom synpy, bir taraplaýyn petek — 7699 manat


Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolmadyklar üçin bahalar:


Aşgabat — Bangkok, R synpy (premium ekenom) — 753 ABŞ dollary


Aşgabat — Bangkok, A synpy (standart ekenom) — 533 ABŞ dollary


Bangkok — Aşgabat, R synpy (premium ekenom) — 743 ABŞ dollary


Bangkok — Aşgabat, A synpy (standart ekenom) — 523 ABŞ dollary


Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, N synpy (biznes), iki taraplaýyn petek — 916 ABŞ dollary


Utgaşdyrylýan uçuşlar üçin bahalar:


Bangkok — Kazan — 34,012 rubl


Kazan — Bangkok — 32,142 rubl


Stambul — Bangkok — 457 ABŞ dollary


Bangkok — Stambul — 469 ABŞ dollary


Bangkok — London — 475 ABŞ dollary


Frankfurt — Bangkok — 492 ABŞ dollary


Bangkok — Frankfurt — 436 ABŞ dollary


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýurduň içindäki ýa-da daşyndaky ofislerinden we wekilhanalaryndan petek satyn alyp bilersiňiz. Olaryň salgylarynyň häzirki sanawyny şu baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.


Şeýle hem, aviasales.ru ýaly dürli awiapetekleri gözlemek hyzmatlarynyň üsti bilen onlaýn petek satyn alyp bilersiňiz.


Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugrunda yzygiderli uçuşlaryň 22-nji dekabrdan başlajakdygyny ýatladýarys. Olar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.