Türkmenistan Stambulda «TRT World Forum-2023» forumyna gatnaşýar

11:3309.12.2023
0
27464

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew 8—9-njy dekabr aralygynda Stambulda geçirilýän «TRT World Forum-2023» forumynda Türkmenistana wekilçilik edýär.

«Bilelikde ösýäris: wezipeler, hereketler we çözgütler» şygary astynda guralan bu çärä dünýäniň alymlary, habarçylary, syýasatçylary we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar diýip, Halkara maglumat merkezi habar berýär.

Gün tertibinde dünýä we sebit meselelerine orun berlen bu forumda 153 sany çykyş göz öňünde tutulandyr. Forumyň çäginde bölümçelerdäki ara alyp maslahatlaşmalar we «tegelek stollar» hem bar diýip, çeşme belleýär.

Halkara howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, ykdysadyýet, tehnologiýa, emeli aň, KHBS we jemgyýetçilik ýaýlymlary forumyň esasy mowzuklarynyň hataryndan orun aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň