Türkmenistan 2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Gazagystana pomidor eksportyny 10 esseden gowrak artdyrdy. Bu barada gazak neşirlerine salgylanyp, «EastFruit» portaly habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, 2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Gazagystana eksport edilýän türkmen pomidorynyň möçberi 13 esse artypdyr. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň Gazagystanyň pomidor importyndaky paýynyň hem 15 esse ýokarlanmagyna getiripdir. Has takygy, 2017-nji ýylda Gazagystanyň pomidor importynda Türkmenistanyň paýy 3 göterim bolan bolsa, bu görkeziji 2022-nji ýylda 45,7 göterime deň boldy. Netijede mundan bäş ýyl ozal Gazagystana eksport edilýän pomidoryň 41,3 göterimini eýeleýän Hytaýyň paýy 2022-nji ýylda 1,3 göterime çenli peselipdir. Bilermenler türkmen pomidorynyň Gazagystana iberilýän mukdarynyň dowamly artmagyna garaşylýandygyny belleýärler. Çünki döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikleriň, energiýa çykdajylarynyň azdygynyň hasabyna Türkmenistanda ýetişdirilen pomidorlar baha babatda sebitdäki ähli bäsdeşlerinden has amatly hasaplanylýar.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Gazagystanyň pomidor importynyň 96 göterimi diňe iki ýurduň, ýagny Türkmenistanyň (45,7 göterim) we Özbegistanyň (49,9 göterim) paýyna düşýär. Häzirki wagtda tebigy gazyň ýetmezçiliginiň we beýleki oňaýsyz şertleriň Özbegistandaky ýyladyşhanalara edýän täsiri netijesinde, geljekde gazak bazaryny pomidor bilen esasy üpjün edijiniň Türkmenistan boljakdygy çaklanylýar.