Türkiýäniň Türkmenistana maýa goýumlary 147 million dollara ýetdi. Muny Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz türk eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynda mälim etdi.
«Ýurdumyzyň Türkmenistana maýa goýumlary 147 million dollar derejesine ýetdi. Potratçylarymyz şu güne çenli Türkmenistanda 51 milliard dollarlyk 1080 taslamany amala aşyrdylar we Türkmenistanyň görnükli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşdular» diýip, «Ensonhaber» portaly wise-prezidentiň sözlerini getirýär.
Şeýle hem dabarada J.Ýilmaz iki ýurduň söwda mukdarynyň geçen ýyl 2 milliard dollardan geçendigini, Türkiýäniň Türkmenistana maýa goýumlary artdyrmaga we geljekde Türkmenistanyň infrastrukturasyna goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.
Ozal Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurda sapar bilen gelen wekilçilikli toparyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine gatnaşandygyny habar beripdik.