Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

16:5106.12.2023
0
36396

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurda sapar bilen gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraply meseleler, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasynyň esasynda kabul edilen Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Şu gezekki mejlisi geçirmäge döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendikleri üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi.

Iki döwlet üçin-de ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat we tehnologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň we Türkiýäniň üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, Toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara we beýleki forumlara iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagy özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ozal Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň