Turkmenportal logo
06.12.23
2441924419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


"Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyz Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar çalt depginde ösýär we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňiz we ägirt uly goşant goşýandygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin" - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşine iberen gutlag hatynda belledi.


Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.