Turkmenportal logo
06.12.23
2037920379
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belläp, onuň geljekde-de iki halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.