Soňky habarlar

Arhiw

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric World University Ranking» ulgamynda hasaba alyndy

21:3705.12.2023
0
40792

«UI GreenMetric World University Ranking» ulgamy dünýädäki uniwersitetleriniň daşky gurşawy goramak, energiýa, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnuklylyk boýunça bitirýän işlerini bahalandyrdy.

Bu ýyl bu reýtinge dünýä ýüzündäki dürli döwletlerden 1183 sany uniwersitet hasaba alnyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem 432-nji orny eýelemegi başardy. Bu bolsa, geçen ýylky gazanylan netije bilen deňeşdirilende, 200-den gowrak dereje ýokarlanandygyny görkezýär.

«UI GreenMetric World University Ranking» durnuklylyk we ekologik aň barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň reýtingdäki umumy baly bu ýylda 5220-den 6660-a çenli ýokarlandy, aýratyn kategoriýalar boýunça hem gowy netijeleri gazandy, ýagny gurluş we infrastruktura boýunça 1000-den 1150-e, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça 995-den 1285-e, galyndylarda 450-den 1050-e, suwda 400-den 700-e, bilim we gözleg kategoriýalarynda 975-den 1075-e çenli ballara ýetdi.

Habar berlişi ýaly, mundan başga-da Türkmenistanyň 8 sany ýokary okuw mekdebi bu reýtingde ýer almagy başardy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bolsa netije boýunça bu ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hem birinji ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň