Turkmenportal logo
05.12.23
2523225232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin ýylyň adamy diýen ady almak boýunça dalaşgärleriň sanawyna girizildi
Putin ýylyň adamy diýen ady almak boýunça dalaşgärleriň sanawyna girizildiSurat: belta.by

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Time» amerikan žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň adamy diýen derejä dalaşgärlige girizildi diýip, TASS habar berdi.


Ýeňiji 6-njy dekabrda belli bolar. «Time» neşiriniň çap eden deslapky sanawynda dokuz dalaşgär bar.


Şeýle-de bu ada dalaşgärleriň sanawyna Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III, «Barbi» filminden Barbi gurjagy, amerikaly aýdymçy Teýlor Swift, HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de ChatGPT-i dörediji Sem Altman girdiler.