Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ikinji Türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

10:4405.12.2023
0
23309
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ikinji Türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar.

4-nji dekabrda bolan duşuşykda taraplar 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyndan soň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki öňegidişlige syn berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler hökümetara toparyň 13-nji duşuşygyna we 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda geçiriljek ikinji Türkmen-rus işewürlik forumyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Ozal Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Hazar ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň şu gün — 5-nji dekabrda geçiriljek ýygnagyna gatnaşmak üçin saparda bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň