Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britaniýaly 60-njy synanyşygynda sürüjilik şahadatnamasyny aldy

09:5205.12.2023
0
18854

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin nazaryýet synagy 60-njy synanyşykda tabşyrmagy başardy, munuň üçin ol 60 sagadyny we 1380 funt-sterling sarp etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Adyny gizlin galdyrmak islän erkek kişi synagdan geçmekde şowsuzlyklarynyň sany boýunça rekordy täzeledi, ondan öň bu ugurdaky rekord Gündogar Ýorkşirden bolan erkek kişä degişlidi, ol 57 gezek synagdan geçip bilmändi.

Ýurduň ulag edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Beýik Britaniýada sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin synagdan ilkinji gezekde geçip bilýän raýatlaryň sany barha azalýar. Bu ugurdaky görkeziji 2022-2023-nji ýyllarda 44 göterime çenli azalypdyr.

Başlangyç sürüjiler ilkibada sowallara jogap bermeli, ondan soň ulagy dolandyrmakda synaga ýazylmaly, bu hyzmat tölegli bolup, her synanyşygyň bahasy 23 funt-sterlinge deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň