Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler

11:1204.12.2023
0
29732

Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar.

Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.

«Turkmentelecom»-dan internet we öý telefon hyzmatlary, şeýle hem «Älem» hemra teleýaýlymyna ýazylmak üçin töleg edip bolýar.

Pul geçirmek üçin ulanyjylara işjeňleşdirilen SMS duýduryş hyzmaty bilen «Altyn Asyr» ulgamynda işleýän bank karty gerek.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň e.gov.tm domenli Döwlet elektron hyzmatlary portaly ilata hödürlenilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär.

Häzirki wagtda bu web-portalda hödürlenýän hyzmatlaryň sany 500-den geçýär we öz gezeginde bu hyzmatlardan peýdalanýan ulanyjylaryň sany hem yzygiderli artýar.

e.gov.tm raýatlara döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman onlaýn platformadyr. Onuň «Android» we IOS operatiw düzümli elektron enjamlara ýükläp alyp bolýan mobil programmalary hem hereket edýär. Onuň islendik ýaşdaky ulanyjy üçin düşnükli we ýönekeý interfeýs gurluşy bar.

Döwlet elektron hyzmatlarynyň portaly türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň