Turkmenportal logo
02.12.23
3130131301
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gülli Aýyň ganhorlary» ýylyň iň gowy filmi diýlip yglan edildi

Režissýor Martin Skorzesäniň «Gülli Aýyň ganhorlary» filmi Nýu-Ýorkuň kinotankytçylar topary (NYFCC) tarapyndan ýylyň iň gowy filmi diýlip yglan edildi. Bu barada «Film.ru» habar berdi.


Filmde baş zenan keşbi döreden aktrisa Lili Gledstoun «Iň gowy zenan keşbi» diýlip yglan edildi.


Skorzese öň hem iki gezek, «Mylaýym ýigitler» (1990) we «Irlandiýaly» (2019) filmleri üçin iki gezek bu toparyň baş baýragyna mynasyp bolupdy.