Turkmenportal logo
02.12.23
2123621236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tagtabazar gaz käninde täze gaz akymy alyndy
Tagtabazar gaz käninde täze gaz akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary gaz känlerinde guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.


«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan tebigy gazyň akymyny aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Müdirligiň gazçylary şu guýynyň burawlaýyş işlerini 1940 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly, 1893, 1883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 226 müň 400 kub metr tebigy gaz berýär diýlip, habarda bellenilýär.